Beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp "Magtymgulynyň paýhas doly şygryýet dünýäsi" atly edebiýat agşamy
2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau ş.) Konsullygynyň binasynda, beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp "Magtymgulynyň paýhas doly şygryýet dünýäsi" atly edebiýat agşamy geçirildi.
Bu medeni çäresi Türkmenistanyň Konsullygy bilen Mangistau welaýatyndaky Habibolla Sydiýkow adyndaky merkezi kitaphanasy tarapyndan bilelikde gurnaldy.
Çäräniň maksady, gündogaryň beýik nusgawy we akyldarynyň baý edebi mirasyny wagyz etmek, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryna gyzyklanma döretmek, ýurtlaryň arasynda medeni we gumanitar gatnaşyklary ösdürmek ybarat bolup durýar.
Çärä Mangistau welaýatynyň merkezi kitaphanasynyň müdiri Z.Ž. Aýtuarowa, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň wekilleri, Aşgabat şäherindäki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, TYA Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri we sebitiň bilim edaralarynda okaýat mekdep okuwçylar gatnaşdyrlar.
Edebiýat agşamynda Türkmenistanyň Konsuly M.Abdyllaýew açylyş sözi bilen başlap, kitaphananyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine bu agşamy geçirmäge we oňa gatnaşmaklaryna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Konsuly öz çykyşynda şu ýyl Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň abraýly halkara guramasy UNESKO-nyň howandarlygynda bütin dünýäde giňden bellenilýändigini we 2024-nji ýylda Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilendigini aýtdy. “Türkmen medeniýetiniň Gazak medeniýeti bilen köp meňzeşligi bar - biziň dillerimiz birmeňzeş we şol bir dine uýýarys. Halklarymyzyň medeniýetleriniň esasy, ahlak, pikirleriň we niýetleriň arassalygy, asudalyk ýaly häsiýetlerdir. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhynda täze tapgyra başlansoň, Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez çeper mirasy biziň halklarymyz üçin has möhüm bolup durýar" diýip belledi.
Edebi agşamynda Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň esasy mowzuklaryny we sebäplerini açyp görkezýän XVIII-XIX asyr türkmen nusgawy poeziýasyny esaslandyryjynyň ömri we döredijiligi barada çykyşlar diňlenildi.
Akyldar şahyryň türkmen, gazak, iňlis we rus dillerindäki goşgulary talyplar tarapyndan çeper we täsirli ýerine ýetirildi.
Mangistau welaýatynyň merkezi kitaphanasynyň müdiri Z.Ž. Aytuarowa, özleriniň çagyrylandygy we döredijilik çäresine gatnaşmak mümkünçilik döredilendigi üçin Türkmenistanyň Konsuly M. Abdyllaýewe özüniň minnetdarlygyny bildirdi hem-de “Magtymgulynyň zehini, ynsan garaýyşynyň we ruhunyň gözýetiminde parlaýan ýyldyzdyr. Magtymguly Gazagystanyň iň meşhur we söýgüli şahyrlarynyň biri hasaplanýandygyny aýdyp bileris "-diýip bellenildi.
Edebiýat agşamynyň çäginde Mangistau welaýat merkezi kitaphanasynda saklanýan Magtymguly Pyragynyň eserleri boýunça kitaplar ýygyndysynynyň sergisi guraldy.
Çäräniň ahyrynda, gatnaşyjylaryň hemmesi edebi agşamynyň örän netijeli bolandygyny we iki doganlyk halkyň arasyndaky baglanyşygy berkitmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdiler.