Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 29-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň (Aktau ş.) binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy fewralynda  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 22-nji fewralynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Oňa Gazagystan Respublikasynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri  hem-de Aktau şäherinde bilim alýan Türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar we onda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» belent maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly ýurdumyzda alnyp barylýan belent maksatly işler barada gürrüňler edildi.

Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew öz çykyşynda, 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyny ýerine ýetirmek, ilatymyzy döredijilikli işlere has-da ruhlandyrmak, durmuşa geçirilýän taryhy işleriň daşynda jebisleşdirmek, Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän taryhy başlangyçlarynyň, sagdyn durmuş ýörelgelerini, adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri, milli medeniýetimizi, maşgala gymmatlyklaryny we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berdi.