KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kipros Ýorgallis bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň Ilçisini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň işine türkmen tarapynyň degişli ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Taraplar syýasy gepleşikleri ýokary derejede saklamagyň wajypdygyny bellediler. Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde geňeşmeler guralynyň ähmiýeti hem nygtaldy.

Daşary işler ministriniň orunbasarynyň belleýşi ýaly, syýasy dialogy ösdürmekde, söwda-ykdysady, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, ilki bilen BMG-de oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýandyklaryny bellediler.